Okuwçylaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Onda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şadyýana Mämmetkulyýewa birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nabat Janmyradowa ikinji, Halaç etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mekan Merdanow üçünji orunlara mynasyp boldular.
Birinji we ikinji orunlary eýelän okuwçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.