BILIM

Türkmenabatly mekdep okuwçysy geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji boldy

Golaýda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda welaýatyň wekilçilik eden okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler.

Dünýä döwletleriniň 13-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu olimpiadada Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Şakirjanow 3-nji orna mynasyp boldy.

Döwletgeldi ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp gelýär.

Döwletgeldi geçen okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi hökmünde Halkara Ýaşlar forumyna hem gatnaşdy. Bu okuw ýylynda bolsa ýene-de “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolup, Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen Halkara olimpiadada türkmenistanly mekdep okuwçylary umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýelediler. Gazanylan bu üstünlikde türkmenabatly zehinli okuwçynyň hem mynasyp paýy bar.

Ýeri gelende aýtsak, bäsleşikde birinji orny Russiýa Federasiýasynyň, üçünji orny bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylary eýelediler.  Bäsleşikde türkmenistanly okuwçylar jemi 24 medal, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medal gazanmagy başardylar.