SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly türgen Türkmenistanyň absolýut çempiony boldy

Türkmenabatly türgen Alybek Jumanow stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň absolýut çempiony boldy. Ol ýekelikde, jübütleýin we garyşyk görnüşlerinde garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykmagy başardy. Jübütleýin oýunda ol öz dogany Guwanç bilen bilelikde bir toparda çykyş etdi.

Adylbek we Guwanç Jumanowy häzir Aşgabatda ýaş olimpiaçylar mekdebinde tälim alýarlar. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça olaryň ikisi hem Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde meşgullanyp başladylar. Olaryň ikisini hem kakasy Adylbek Jumanow türgenleşdirdi. Häzirki wagtda zehinli oglanlar Raşid we Lidiýa Ahmedowlaryň elinde tälim alýarlar.

27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara oýunlarynda jübütleýin oýunda Alybek öz ýoldaşy aşgabatly Ylýas Allanazarow bilen bilelikde üçünji orna mynasyp bolupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: