SPORT WE SYÝAHAT

Dünýä çempionatyndan soň ilkinji gezek ýeňildi

Portugaliýanyň ýygyndysy myhmançylykda ýoldaşlyk duşuşygynda Sloweniýa bilen duşuşdy.

Duşuşykda Sloweniýanyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Sloweniýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary 72-nji minutda Çerin bilen 80-nji minutda Elşnik geçirdi.

Duşuşykda super ýyldyz Kristianu Ronaldu hem çykyş etdi.

Şunlukda, Portugaliýanyň ýygyndysy Katar 2022 Dünýä Kubogyndan soň ilkinji gezek utuldy.

Soňky sapar 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda çärýek finalda Marokkodan asgyn gelen Portugaliýanyň ýygyndysy 11 oýunda ýeňiş gazanyp, şol duşuşyklarda 41 gol geçirdi. 4 gol geçirden Portugaliýanyň ýeňişli ýörişi tamamlandy. Portugaliýa Sloweniýadan öň Şwesiýa bilen duşuşyp, Ronaldunyň çykyş etmedik şol duşuşygynda 5-2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: