SPORT WE SYÝAHAT

Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 2022-nji ýylyň iýunynda geçiriler

Futbol boýunça Aziýa kubogy ― 2023-iň jemleýji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

AFK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bu karara gelmeklerini pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2022-nji ýylyň 8-nji, 11-nji we 14-nji iýunynda geçiriler.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 10-njy fewralda täzelenjek FIFA-nyň reýtinginde eýelejek ornuna laýyklykda, Aziýa kubogynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde, ikinji sebede düşmegine garaşylýar.

Bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň 6-sy emele geler. Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň 5-si Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Yklym ýaryşynyň final böleginiň 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde (Pekin, Týanszine, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn Suçjou) geçirilmegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: