Gus Hiddink tälimçilik işini tamamlady
Dünýäde iň meşhur futbol tälimçileriniň biri, gollandiýaly Gus Hiddink 74 ýaşynyň içinde tälimçilik işini goýýandygyny mälim etdi, diýip«Коммерсантъ» gazeti habar berýär.
Tejribeli hünärmeniň hasabynda birnäçe ýetilen sepgitler bar. Olaryň hatarynda 2008-nji ýylda Ýewropa çempionatynda Russiýanyň ýygyndy toparynyň bürünç medala mynasyp bolandygyny hem görkezmek bolar. Şonda ol bu topary bir turniriň dowamynda dünýä derejesine çykarmagy başarypdy.
Geçen ýylyň awgust aýynda Kýurasaonyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip başlan, dört aý mundan ozal bolsa koronawirus bilen kesellän Gus Hiddink özüniniň tälimçilikden gidýändigini «Voetbal International» neşiriniň üsti bilen habar berdi.