«Awazada» okuw maslahatlary geçirilýär
Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň we agzalarynyň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirilýär.
Oňa Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň, medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatlarynda edilen çykyşlarda zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly şikes, hünär keseli ýa-da saglygyna başga bir görnüşde zeper ýetmegi bilen işgäriň çeken zyýanynyň öwezini dolmagyň kadalary barada giňişleýin gürrüň edilip, özara sorag-jogap alşyldy. Aýry-aýry pudaklar bilen tapgyrlaýyn esasda geçirilýän bu nobatdaky hepdelik okuw maslahatynyň çäginde sungat ussatlarynyň, welaýatlaryň teatr artistleriniň aýdym-sazly dabaralary guraldy.