Aşgabatda hindi aýdymlarynyň konserti boldy

Aşgabat şäherindäki  «Watan» kinokonsert merkezinde «Hindi kinosynyň muşdaklaryna» atly konsert boldy. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty bölüminiň orkestri geçirdi.

Estradaçy talyplar «Söýgi rowaýaty», «Ar alyş we kanun», «Bobbi», «Ar alyş hyjuwy», «Söýginiň güýji» we beýleki hindi filmlerinde ýetrine ýetirilen aýdymlary aýtdylar. Olar geýimleriniň kaşaňlygy, özboluşly hereketleri, ýiti sesleri bilen sahnada filmleriň söýýän, aýdym aýdýan we tans edýän gahrymanlaryna doly bap gelmäge çalyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector