MEDENIÝET

Türkmenabatly suratkeş Aýhan Hajyýew baradaky ýatlamalaryny paýlaşdy

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew «Türkmen gündogary» gazetiniň habarçysy bilen Magtymguly Pyragynyň portretini ilkinji bolup çeken meşhur suratkeş Aýhan Hajyýew baradaky ýatlamalaryny paýlaşdy.

— Men çagalyk döwrümden şekillendiriş sungatyna höwesekdim, dürli mowzukdaky suratlary çekerdim. Göwün beren ugrumdan ýörite bilim almak baş maksadymdy. 1975-nji ýylda arzuwym hasyl boldy. Paýtagtymyzda ýerleşýän şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky ýörite çeperçilik mekdebine okuwa girdim. Okap ýörkäm, diňe türkmen ilinde däl, eýsem, daşary döwletlerde-de ussat suratkeş hökmünde tanalýan Aýhan Hajyýew bilen duşuşmak, tanyşmak miýesser etdi. Men oňa ýörite çeperçilik mekdebiniň 1-nji ýyl talybydygymy, ýaşlykdan şu ugra höweslidigimi gürrüň berdim. Ol meni paýtagtymyzy ýakalap oturan Bagyr obasyndaky öýüne myhmançylyga çagyrdy. Dynç güni halypamyňka bardym. Giň howlyny bezäp oturan güller, miweli baglar, daş-içeriniň hoşroý keşbi, hakykatdan-da, ylhamyňy joşdurýardy. Howlynyň bir künjeginde halypanyň ussahanasy bardy. Şol ýerde şekillendiriş sungatynyň aýratynlyklary dogrusynda söhbet etdik. Ussat suratkeşiň: «Ilhalar sungat eserini döretmek üçin mydama gözlegde bolmaly. Munda halypalardan köp zatlary öwrenmeli. Emma döredýän eseriňe öz usulyňy, öz garaýşyňy siňdirmegi-de başarmaly. Esasy zat eseriň gahrymanynyň içki dünýäsine, hüý-häsiýetine belet bolmaly» diýip, beren pendi şu günki ýaly ýadymda ― diýip, neşir suratkeşiň öz halypasy baradaky ýakymly ýatlamalaryny getirýär.

Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralarynyň bellenilýän ýyly Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllyk dabaralary bilen utgaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: