Türkmenabat şäherindäki «Lebap» toý mekanynda «El hünäri il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi hem-de baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Bilim ministrliginiň yglan eden bu bäsleşigini welaýat tapgyryna Türkmenabat şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Olaryň ählisi orta mekdeplerde okaýan okuwçylardyr. Olar emin agzalarynyň garamagyna özleriniň ýasan zergärçilik we küýzegärlik önümlerini, heýkellerini, çeken suratlaryny, düşüren fotosuratlaryny, dokan halyçalaryny, haly önümlerini, ören önümlerini, bezeg işlerini hödürlediler.

Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: