JEMGYÝET

Halaçly mugallymlaryň gollanmalary ýurt derejesinde paýlaşylýar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň okuw-usuly merkeziniň tassyklamagy bilen Halaç etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan okuw gollanmalarynyň birnäçesi çap edildi.

Şeýle işleriň hatarynda mekdebiň mugallymy Marina Penjiýewanyň «Fortepiano üçin pýesalar we etýudlar», Gözel Allaýewanyň «Türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden ansambl» atly gollanmalary görkezip bolar.

Häzirki wagtda bu ýerde okuwçylaryň 220-si sungatyň dürli görnüşiniň inçe syrlaryny ele alýar. Tejribeli mugallymlar olara plektrli dutar, dutar, akkordeon, skripka, fortepiano, truba, trombon, wiolençel, bagşyçylyk, hor sungaty, nakgaşçylyk ýaly hünärlerden sapak berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: