MEDENIÝET

Welaýat kitaphanasy göçme sergi gurady

Welaýat kitaphanasy Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde «Älemi haýran eden türkmen halysy» atly duşuşyk geçirdi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu duşuşyk Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraldy.

Duşuşygyň dowamynda «Zeminiň göwheri ― türkmen halysy» ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem guraldy. Sergini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplary hem bezedi.

Şeýle hem bu ýerde okyjylar bilen sowal-jogaplar alyşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: