Magtymguly Pyragynyň Jeýhun ýakasyndaky görnüşleri şekillendiriler
Türkmenabatly suratkeş, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Myrat Baltaýew ilkinjileriň hatarynda Magtymguly Pyragynyň Amyderýanyň boýunda gezelenç edip ýören pursatlaryny nakgaşçylyk eserine geçirmegi meýilleşdirýär.
Bu barada ol welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
― Eýýäm bu sungat eseriniň taslama görnüşi taýýar. Nesip bolsa, sungat muşdaklary ýubileý dabaralary mynasybetli guraljak sergide nakgaşçylyk eserim bilen tanşyp bilerler ― diýip, neşir halypa suratkeşiň aýdanlaryny mysal getirýär.