SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly mekdep okuwçylarynyň arasynda futbol ýaryşy geçirildi

Ýaňy ýakynda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenabat şäher bedenterbiýe we sport bölüminiň,  «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýatynyň bölüminiň we «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistan ― sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly şygar astynda welaýat merkezindäki orta mekdepleriň 9 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda futbol ýaryşy geçirildi.

Ýaryş diyseň çekeleşikli geçip, 1-nji, 2-nji, 7-nji, 14-nji, 16-njy, 21-nji, 24-nji, 30-njy, 39-njy we 41-nji orta mekdepleriň okuwçylary jemleýji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Final böleginde bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. Şeýle hem şäherdäki 7-nji orta mekdep ikinji, 16-njy orta mekdep bolsa üçünji ornuň eýesi boldular.

Ýeňijilere «Dana» bilim merkezi Türkmenabat şahamçasy tarapyndan medallar we ýörite sowgatlar hem-de «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. 

Ýaryş Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň futbol meýdançasynda geçirildi. «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň müdiri Döwran Nurgeldiýewiň aýtmagyna görä, şu çäre indiki ýaryşlaryň başlangyjy bolup durýar. Merkez ýakynda woleýbol, stol tennis ýaryşy, küşt ýaryşlaryny hem geçirmekligi meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: