SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda kik-boksing boýunça welaýat çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde ýaşlar sportuň sekiz görnüşi — tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kik-boksing, badminton, gylyçlaşmak, boks, dzýudo, erkin göreş boýunça tälim alýarlar.

Kik-boksing boýunça welaýatyň şu ýylky çempionatyny geçirmek üçin hem şu mekdep saýlanylyp alyndy. Oňa Türkmenabat şäherinden üç topar, Çärjew hem-de Dänew etraplarynyň hersinden bir topar gatnaşdy. Duşuşyklaryň netijeleri Türkmenabat şäheriniň türgenleriniň çempionata has gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdi.

Onda bu mekdebiň türgenleri gowy netijeleri görkezdiler. Olar 24 sany birinji, 20 sany ikinji we 32 sany üçünji orunlara mynasyp boldular. Şäheriň 9-njy sport mekdebiniň kik-boksçylarynyň 11-si birinji, 13-si ikinji we şonçasy üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Welaýat merkezindäki 3-nji sport mekdebiniň wekilleri bolsa 8 sany birinji, şonça ikinji hem-de 13 sany üçünji orunlary eýlediler. Çärjewli türgenler ýaryşy jemi 9 sany baýrakly orun bilen tamamladylar. Olaryň 2-si birinji, 3-si ikinji w 4-si üçünji orunlardyr. Dänew etrabyndan gelen kik-boksçylar bolsa öz hasabyna 1 sany birinji, 2 sany ikinji we 4 sany üçünji orunlary ýazdyrdylar.

Mekdepde ýylyň dowamynda sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: