SPORT WE SYÝAHAT

Mourinýonyň «Reala» dolanmagyna garaşylýar

Portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýonyň ýene-de «Reala» dolanyp gelmegi mümkin. Bu barada žurnalist Oýer Fano ýazdy.

Oňa görä, «Real» häzirki baş tälimçisi Karlo Ançelottiden nägile. Ýöne «Real» Mouronýo bilen onuň «Romadaky» şertnamasy tamamlanansoň şertnama baglaşmakçy. Portugaliýaly hünärmeniň Rim klubyndaky şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsunda tamamlanar.

Şu günlerde Madrid şäherine wekilçilik edýän klubyň käbir ýolbaşçylary Mourinýo bilen ilkinji gepleşikleri geçirip başlady.

Žoze Mourinýonyň «Reala» 2010 ― 2013-nji ýyllar aralygynda hem tälim berendigini ýatladýarys. Topar onuň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Naýbaşy kubogyny gazandy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: