Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary köp synanyşyklardan soň gowaça çöpünden «furfurol» atly himiki birleşmäni aldylar. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Munuň üçin ilki gowaça çöpüniň düzümi seljerilip, onda sellýulozanyň, ligniniň, geksozanlaryň, pentozanlaryň we kül emele getiriji maddalaryň bardygy anyklanyldy. Netijede, pentozana beýleki himiki serişdeler bilen kükürt kislotasy goşulyp, ony gaýtadan işläp, furfuroly alyp bolýandygy ýüze çykaryldy.
Furfurol senagatda öndürilýän himiki birleşme bolup, ony dürli oba hojalyk ekinleriniň galyndylaryndan, şol sanda gowaça çöpünden hem öndürmek mümkindir. Furfurol we onuň furan spirti ýaly önümler gaty smolalary, aýna süýümlerini almakda we mineral dökün hökmünde ulanylýar. Onuň düzümi seljerilende, gowaça çöpünden alnan furfurolyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Geljekde furfurolyň önümçiliginiň giň gerimde ýola goýulmagy ýurduň önümçilik binýadyny has-da ýokarlandyrmaga we galyndylaryň daşky gurşawa täsirini peseltmäge goşant goşar.