SPORT WE SYÝAHAT

Messi MLS-däki ilkinji şahsy baýragyny alyp bilmedi

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi MLS X (öňki Twitter) internet ulgamynyň habaryna görä, «MLS-iň iň gowy täze futbolçysy» baýragyny alyp bilmedi.

Onda «Atlanta Ýunaýtediň» grek hüjümçisi Georgios Ýakumakis ýeňiji boldy. MLS-iň häzirki möwsüminde Ýakumakis 28 oýunda meýdana düşdi we 17 pökgi geçirdi.

Hüjümçi topara 2023-nji ýylyň fewralynda goşuldy. Futbolçynyň klub bilen şertnamasy 2026-njy ýyla çenli dowam edýär.
Baýrak üçin Messiden başga-da «Sent-Luis Sitiniň» wekili  Eduard Lýuen hem bäsleşdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: