JEMGYÝET

Türkmenabatda täze jaýlar ulanylmaga berler

27-nji sentýabrda belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.
Şeýle ýaşaýyş jaýlary Daşoguz, Baýramaly şäherlerinde hem açylar. Paýtagtda dürli maksatly täze desgalaryň tutuş tapgyry bilen birlikde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň döwrebaplaşdyrylan binalar toplumy, ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi açylar.
Türkmenabat şäherinde şu ýyl welaýat baş metjidiniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply