JEMGYÝET

Ýylyň başyndan bäri gaz guýularynyň onlarçasy düýpli bejerildi

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Guýulary düýpli we ýerasty bejeriji böleginde ýylyň başyndan bäri gaz guýularynyň 39-sy düýpli bejerildi. Ýeňil bejerilen guýularyň sany 10-a ýetdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti ýazýar.

Şeýle hem Malaý gaz käninde guýularyň ikisiniň bejergi işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi müdirlik boýunça öndürilýän tebigy gazyň öndürilişiniň artmagyna, bu baradaky ýyllyk meýilnamanyň has irki möhletlerde amal edilmegine mümkinçilik berdi. Bölegiň bejerijileri şu günler Garagumuň gum depeleriniň arasynda ýerleşýän Malaý, Bagaja, Böwrideşik, Demirgazyk Balguýy gaz känlerinde önüm bermegini bes eden guýularda bejergi işlerini gowşamaýan depginde alyp barýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: