JEMGYÝET

«Köýten nagmalary» folklor topary Milli bahar baýramyna täze çykyş taýýarladylar

Şu günler Köýtendag etrap medeniýet bölüminiň işgärleri Halkara Nowruz baýramy mynasybetli täze sungat eserleriniň üstünde işleýärler, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Etrabyň «Köýten nagmalary» folklor topary hem Milli bahar baýramyna toý sowgatly geldi. Toparyň agzalary «Monjuklar» atly täze folklor çykyşyny taýýarladylar. Bu folklor eserinde türkmen zenanlarynyň gadymy şaý-sepleriniň biri bolan monjuklaryň aýratynlyklary açylyp görkezilýär. Bilşimiz ýaly, bu sebitde ýaşaýan gelin-gyzlar dürli reňkdäki monjuklary sapaga düzüp, owadan görnüşleri döredipdirler. Olary sowgatlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Ine, täze eserde şu gadymy gymmatlyklarymyz çeper şöhlelendirilýär. Baýramçylyk günlerinde täze folklor eseri halk köpçüligine hödürleniler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: