Türkmenabatda kompýuter öndüriler
Ýakyn geljekde Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň şahamçasy açylar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda döredilen bu kärhana tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy.
Bilelikdäki kärhana ýurtda kompýuter tehnoloigýasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Hytaýyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.» we «Tongfang Hongkong limited öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredildi.
Geçen ýyl ýurdumyzyň orta mekdeplerine birinji synpa okuwa baran körpelere niýetlenen 154 müňe golaý kompýuteriň 80 müňüsi hut şu kärhanada öndürilipdi. Täze okuw ýylynda çagalara sowgat beriljek ähli kompýuterler bu kärhananyň önümidir. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Geljek ýyllardan başlap, Türkmenabat şäheri şeýle iri we köpçülikleýin önümçiligiň jümmüşinde bolar. Welaýat merkezinde açyljak şahamçanyň köp adamy iş bilen üpjün etjekdigi we welaýatymyzda tehnologiýa sowatlylygynyň mundan-da artmagyna şert döretjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Munuň üstesine-de, bu kärhana hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna jogap edip, has kämil kompýuterleriň hem önümçiligine girişdi. Eýýäm iýul aýynda dürli metbugat serişdelerinde «Agzybirlik tilsimatynyň» 200 müňden gowrak personal kompýuter öndürendigi habar berildi. Bahasy daşary ýurtlardan getirilýänlerden 20 göterim arzan bolan kompýuterleriň arasynda has kämil noutbuklar hem bar. Hatda şu ýylyk birinji synp okuwçylaryna sowgat berilýän kompýuterler hem geçen ýyldakydan has kämildir. Geljekde planşetleri, serwer enjamlaryny we monobloklary hem öndürmegi meýilleşdirýän kärhana bu işleriň bir bölegini Jeýhun kenaryndaky şäherde alyp barar. Diňe bu-da däl, «Agzybirlik tilsimaty» brendi bilen tor enjamlary — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlar, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyrylmasy üçin programma we tehniki ulgamlary: kassa enjamlary, POS-terminallary, çek-çap ediji gurluşlary, pul gutulary, ştrih kodlary skanerleýjiler, ştrih-kodlary çap ediji gurluşlar we ş.m çykarylýar.
27-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde hem habar berlişi ýaly, Türkmenabatdaky kärhanadan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen-innowasiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.