TÜRKMENISTAN HABARLARY

Otly gatnawlarynyň duruzulmasy ýene bir aý süýşürildi

Türkmenistanda otly gatnawlarynyň çäklendirmeleri ýene bir aý uzaldyldy. Şeýlelikde, 16-njy iýulda başlan çäklendirmeler indi 1-nji oktýabra çenli dowam eder.
Bu barada «Türkmendemirýollary» agentligi şu gün özüniň resmi saýtynda habar berdi. Saýtyň baş sahypasynda «Hormatly ýolagçylar! Oktýabr aýynyň 1-ne çenli otly gatnawlarynyň duruzulýandygyny habar berýäris» diýlen ýazgy ýerleşdirildi.
Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, agentlik 10-njy awgustda otlularda hökmany lukmançylyk kepilnamasy düzgünini girizipdi. Bu kepilnama üç gün möhlete ýöreýär.
Ýolagçylar ýüze çykan sowallar boýunça +99312383273 / 75 / 76 / 79 belgili telefonlar bilen jaňlaşyp bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply