Lebap welaýatynda galla oragynda taýýarlyk görülýär. «Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, öňde duran möwsümde kombaýnlaryň 470-e golaýy işlediler.
Lebaply gallaçylar bir otuz müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň «Kalym», «Ýuka», «Bagrat», «Batko», «Ýolöten», «Wassa», «Nota» ýaly sortlaryny ösdürip ýetişdirýärler. Şu günler bu dänelik ekine ideg etmek işleri dowam etdirilýär.
Häzirki günlerden tehnikalaryň saz we bökdençsiz işledilmeginiň aladasy edilýär. Orak döwründe olary gerekli ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç we çalgy ýaglary bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek, orak döwründe göçme tehniki hyzmatyny guramak göz öňünde tutulýar.
Ýygnalan hasyl welaýat boýunça harmanhanalaryň 35-sinde, elewatorlaryň 6-synda kabul edler.