Türkmen fotosuratçylary Kokant şäherinde geçirilýän foruma gatnaşýarlar
Şu günler Özbegistan Respublikasynyň Kokant şäheriniň 2022-nji ýylda «Türki dünýäniň jahankeşdelik paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde «Kokant türki fotosuratçylaryň obýektiwinde» diýen at bilen döredijilik forumy geçirilýär. Oňa türki döwletlerden we synçy döwletlerden fotosuratçylaryň köpsanlysy gatnaşýar.
Bu döredijilik forumunyň maksady Kokandyň taryhy ýadygärliklerini, şu günki gözel künjeklerini fotoşekilleriň üsti bilen wagyz etmekden ybaratdyr. Döredijilik toparlary gadymy Kokant şäherine baryp gördüler. Tanyşdyrylyş syýahatynyň dowamynda Kokandyň gözel künjeklerine, medreselerine, ekologik jahankeşdelik zolaklaryna, belli şahsyýetleriň öý-muzeýlerine baryp, olaryň fotoşekillerini düşürdiler. Şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, fotosuratçylarynyň brifingleri, pikir alyşmalary geçirildi. Ýokary derejede taýýarlyk görlen döredijilik çäresine Türkmenistandan hem iki wekil gatnaşýar. Bu döredijilik forumy 30-njy oktýabra çenli dowam eder.