Bilim işgärleriniň zähmetini goramak boýunça maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen temada maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalaryny başlyklarynyň geňeşiniň guramagyna geçirilen çärä orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň we çagalar baglarynyň tehniki howpsuzlyga we zähmeti goramaga jogapkär hünärmenler, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar. Onda zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmagyň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertlerini döretmek boýunça çäreleri guramak barada pikir alşyldy. Betbagtçylyk ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek maslahat berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector