BILIM

Talyp gyzlaryň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Gurbanjemal Babaýewa Lebap welaýatyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen «El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Bäsleşigiň dowamynda talyp gyzlar öz aralarynda üç şert boýunça bäsleşdiler. Ilki bilen olar öz saýlap alan hünärini çeper okaýyşlaryň üsti bilen wasp etdiler. Ikinji şerte görä bäsdeş gözeller keşde, gaýma gaýamak, haly dokamak, alaja örmek ýaly milli el işlerini ýerine ýetirmekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Halk döredijiliginiň şahyrana eserleriniň üsti bilen gelin-gyzlarymyzyň el işlerine ussatlygyny, milli medeniýetimizi wasp etmek bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinden Gözel Matdyýewa we Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinden Nurana Azizowa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: