SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda futbol festiwaly geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda 12 ― 14 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň futbol festiwaly geçirildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikde guramagynda geçirilen festiwalyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden ybarat boldy.

Festiwala ýaş futbolçylaryň 80-den gowragy gatnaşdy. Onuň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky ýaryşlara gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş hem geçirildi.

Festiwalyň ahyrynda guramaçylar tarapyndan taýýarlanylan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: