Sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi

Ýaryş Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebinde geçirildi. Oňa ýurduň ähli künjeginden türgenleriň 65-den gowragy gatnaşdy. Ýaryşlaryň dowamynda lebaply türgenler üstünlikli çykyş edip, öňdeligi eýelediler. Olaryň görkezen görkezijileri türgenleriň ýaryşa gowy taýýarlykly gelendigini görkezdi.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky bu ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector