BIZE YAZYARLAR

Saz ummanynyň ägirdini ýatlap…

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gurnamagynda Türkmen professional sazynyň ägirdi kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllyk ýubileýine bagyşlap döredijilik agşamy geçirildi.

  Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly baýragynyň eýesi N.Halmämmedowyň müdimilik yz galdyran döredijilik keşbi, milli saz sungatynyň gaznasynda galdyran eserleriniň özboluşlylygy barada saz sungatyny öwreniji Ýuliýa Jumaýewa gyzykly gürrüň berdi.

Döredijilik agşamynyň indiki pursady beýik ussadyň ömür beýanyny şekillendirýän dokumental film bilen dowam etdirildi. Kompozitor saz sungatynyň dürli žanrlarynda nusgalyk eserleri peşgeş berdi. Konserdiň dowamynda kompozitoryň kamera-wokal we kamera-instrumental döredijiligi, hem-de meşhur kinofilmlere ýazylan sazlar barada “Sazyň taryhy we nazaryýeti” hünäriniň talyplarynyň taýýarlan gyzykly maglumatlary hem-de prezentasiýaly çykyşlary täsirli boldy.

Döredijilik agşamyna sungat mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary”, “Fortepiano”, “Aýdym aýtmak sungaty”, “Hor dirižýorlygy we saz mugallymçylygy”  bölümleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

  Konsert programmasynyň indiki pursadyny fortepiano hünäriniň talyplary  B.Joraýewiň (“Dutaryň owazy”, “Bagyşlama”), D.Turdyýewanyň (“Ballada”) ezberlik bilen ýerine ýetirmeginde türkmen saz sungatynyň taryhyna giren bu eserler ýaňlandy. Yzýanyndan N.Halmämmedowyň kamera-wokal sazlarynyň dürli owazlarynyň äheňleri döredijilik agşamynyň sazly atmosferasyny indiki sahypa geçirdi. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymlary: A. Genjimow, M. Hutdyýewa we talyplary “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary M.Annaýewiň, A.Ilowanyň sazandarlyk etmeginde “Geler”, “Iki ýandan”, “Gyz”, “Gözel Şirgazy”, “Ýagma bulut”, “Kanareýka” ýaly halkyň söýgüsini gazanan aýdymdyr romanslaryň owazy döredijilik agşamyny bezedi.

   Kompozitoryň kamera instrumental eserlerinden A.Jumakulyýewiň (wiolonçel) L.Tokarewa (fortepiano) bilen bilelikde wiolonçel we fortepiano üçin poemasy,  J.Hudaýberdiýewa (skripka), we talyp I.Aliýewiň (fortepiano) ýerine ýetirmeginde skripka we fortepiano üçin sonatasy ýaňlandy.

 Konserdiň jemleýji pursatlarynda “Keçpelek” we “Aýgytly ädim” kinofilmleriniň belli epizodlaryndan ýaňlanýan aýdymlaryň hor üçin täzeden işlenilen görnüşleri  ýagny: A.Taçowyň kamera hor üçin täzeden işlän “Keçpelek” eserini Türkmensitanyň halk artisti Bäşim Berdiýewiň dirižýorlyk etmeginde “Keçpelegiň” zaryn owazyny professional derejede ýerine ýetirildi. Ondan başga-da Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwlet Sahatowyň gyzlar hory üçin täzeden işlän “Aýnanyň balladasyny” özüniň dirižýorlyk etmeginde hem-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowyň gyzlar hory üçin täzeden işlän “Aýa garşy” eserini hor dirižýorlygy bölüminiň halypa mugallymy Muhtar Musaýewiň dirižýorlygynda ýerine ýetirildi.  

Umuman türkmen saz sungatynyň ägirdini ýatlap geçirilen döredijilik agşamy ýörite sungat mekdebimiziň konsert repertuarynyň ähmiýetli bölegine öwrüldi.   

Aziza Seýitkulyýewa

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: