SPORT WE SYÝAHAT

Amerikan boksçysy Dewis dünýäniň çempiony diýen adyny saklap galdy

Amerikaly boksçy Bütindünýä boksçylar assosiasiýasynyň wersiýasy (WBA) boýunça 61,23 kilogram agram derejesinde dünýäniň çempiony diýen adyny saklap galdy, diýip habar «ТАСС» berýär.

Los Anjelesde geçirilen 12 raunddan duran tutluşykda ol eminleriň biragyzdan gelen kararynyň netijesinde Meksikaly Isaak Krusdan üstün çykdy.

Dewis 2019-njy ýylda kubaly Ýuriorkisden üstün çykyp, ilkinji gezek WBA titulyny gorapdy. Ol mundan ozal 58,5 we 63,5 kilogram agram derejelerinde guşak eýeläp, jemi üç agram derejesinde dünýäniň çempiony boldy. Ol 26 gezek (24-sini nokaut bilen) ýeňiş gazandy we bir gezek hem ýeňilmedi.

23 ýaşly Krusyň aktiwinde 22 (15-i nokaut bilen) gezek ýeňiş gazandy, iki gezek utuldy we bir tutluşyk deň tamamlandy. Ol eminleriň karary bilen Hose Matias Romerodan üstün çykyp, WBA-nyň guşagy ugrunda göreşiň hökmany dalaşgäri boldy we birinji gezek dünýä çempiony titulyny almak ugrundaky boksa gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: