SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi.

Iri halkara ýaryşy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Ozal bu çempionaty 2020-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri hem ýerine ýetirilipdi. Ýöne dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar sebäpli Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň gelen kararyna laýyklykda çempionatyň geçirilmeli möhleti 2025-nji ýyla süýşürilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: