JEMGYÝET

Türkmenabatda awtobus gatnawlaryň sany artýar

Türkmenabat şäherindäki döwrebap ýolagçy awtomenzilinden häzirki wagtda şäherýaka ugurlaryň 64-si, şäherara ugurlaryň bolsa 25-si boýunça ýolagçy gatnadylýar.

Bu ugurlaryň ählisi boýunça gatnawlar soňky ýyllarda satyn alnan awtobuslar arkaly amala aşyrylýar. 13-nji martda welaýata täze awtobuslaryň ýene-de 200-e golaýynyň gelip-gowşandygyny ýatladýarys.

Türkmenabatdaky ýolagçy awtomenzili 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berlipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: