JEMGYÝET

Türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini gowulandyrmak üçin USAID Senenama işläp düzdi

Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş ýerlerini döretmek boýunça USAID taslamasy TSTB-niň agzasy «Ter Önüm» kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda hasylyň we käbir oba hojalyk ekinleriniň illýustrirlenen senenamasyny işläp düzdi. Ol Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleri babatynda öňe gidişlige gönükdirilendir, diýip Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Onda dürli ekinleriň ýurduň dürli sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilişiniň nazara alynmagy bilen olaryň bişiş möhletleri hakyndaky ylmy we amaly maglumatlar, şeýle hem şu ugurdaky öňdebaryjy tejribä we halkara talaplaryna laýyklykda miwe-gök ekinleriniň saklanyşy, daşalyşy, hil gözegçiligi hakyndaky maglumat birleşdirilendir.
Işläp düzüjiler bu senenemanyň, şeýle hem önümleri saklamak boýunça baglanyşykly materiallaryň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar, ýagny daýhanlar, lomaý söwda bilen meşgullanýan söwdagärler, öndürijiler-gaýtadan işleýjiler, sowadyjy ammarlaryň we miwe-gök bazalarynyň eýeleri üçin, şeýle hem ulag-logistika kärhanalary üçin peýdaly boljakdygyna ynanýarlar.
Eksport edijiler üçin ol gepleşikler wagtynda ýa-da söwda çäreleriniň dowamynda marketing guraly bolup hyzmat eder, ýokary hilli türkmen oba hojalyk önümlerini satyn almak babatda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly import edijiler bolsa ondan Türkmenistanda ekinleriň hasyllygynyň has amatly möwsümi hakyndaky maglumaty alyp hem-de degişlilikde satyn alyş işlerini meýilleşdirip we logistikany gurnap bilerler.
Türkmenistan babatynda gollanylmaga degişli bolan oňaýly grafiki interfeýsli we üç dildäki (türkmen, rus, iňlis) şeýle marketing guraly ilkinji gezek işlenip düzülendir. Şol bir wagtda, şeýle gollanma neşirleriniň tejribesi oba hojalyk önümleriniň eksportyna gönükdirilen öňdebaryjy agrar-ösen ýurtlarda öndürijiler tarapyndan bireýýäm ele alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: