LUKMANÇYLYK

Lebapda çaga operasiýalary üstünlikli dowam etdirilýär

Şu günler Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek baradaky yzygidelri çaga operasiýalary geçirilýär.

Welaýat neşiriniň habar bermegine görä, häzirki günlerde bu merkezde ýarawsyz çagalaryň birnäçesi operasiýa taýýarlanylýar, operasiýa edilýär we operasiýadan soňky bejergiler berilýär.

Şeýle hem neşir arkaly bejergi alýan çagalaryň ejeleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: