Çärjew etrabynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Olar kabul ediş nokatlaryna 173 tonna 225 kilogram çig mal tabşyrylar. Bu göz öňünde tutulanyndan 225 kilogram artykdyr.
Ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek bilen etrabyň 11 daýhan birleşiginiň ählisinde hem meşgullandylar. Ýüpekçi kärendeçileriň 4207-sine 4398 gap gurçuk paýlanyldy.
Ozalyndan ýüpek gurçuklarynyň iýmit gorunyň üpjünçiliginiň aladasy edildi. Bar bolan tutlara ideg edildi, täze nahallar oturdyldy. Ýüpekçilere gurçuga ideg etmek boýunça degişli maslahatlar berildi.
Şu günler kabul ediş nokatlaryna pile tabşyrmak dowam edýär.