JEMGYÝET

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy multfilm döredýär

Türkmenabat şäheriniň ýajaýjysy Hanmyrat Şamyradow multfilmleri döretmek bilen meşgullanýar. Lebapda ady belli aýdymçynyň bu güýmenjesi onuň wezipesini üýtgetmegine sebäp boldy. Ol iki ýyl bäri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň animatory bolup işleýär.
Hanmyrat çagalykdan bäri surat çekmäge ukybynyň bardyny belleýär. Ýörite çeperçilik mekdebine gatnamasa hem, onuň höwesjeň suratkeş hökmünde çekenlerine deň-duşlary gowy baha berýärdiler. Mundan dört-bäş ýyl çemesi ozal ol çekýän suratlaryny hereketlendirmegiň höwesine düşüpdir. Hanmyrat Internetde berilýän gysgajyk we ýönekeýje sapaklary

özleşdirmek, soň ony tejribede ulanyp, multfilm döretmegi öwrenmek üçin 1,5 ýyl töweregi wagt sarp edipdir. Ilkinji özbaşdak işine Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Mekan Sylabow bilen maslahatlaşyp başlapdyr. Netijede «Böwenjik» atly multfilmi döredipdir.
Onuň ikinji işi«Mahabat» diýlen ýazgyly görnüşler boldy. Ony 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde «Türkmenistan: sport» teleýaýlymynda görkezdiler. Soňra Mämmetjan atly oglanjyk bilen bagly üç görnüşli gysga multfilmi taýýarlamaga gatnaşdy. Şahyr Mämmet Seýidowyň «Kim günäli?» atly meşhur goşgusy esasynda döredilen multfilme hem onuň goşandy bar. «Siziň üçin, körpeler!» atly gepleşigiň ahyrynda görkezilýän hüwdi şekilleri, «Sagdyn nesil» atly wagyz-nesihat görnüşlerini hem taýýarlamaga gatnaşdy. Häzir «Ýiten top» atly täze multfilmi taýýarlamaga gatnaşýar.
Hanmyrat Şamyradow Türkmenabat şäherinde ýaşaýar. Telewideniýede işleýän beýleki kärdeşleri bilen onlaýn görnüşinde aragatnaşyk saklaýar. Bar bolan tehnologiýa oňa hakyky wagtda ýerine ýetirilen işler barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply