JEMGYÝET

Farap etrabynda okuwçylaryň arasynda geçirilen surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Farap etrap geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen bäsleşige zehinli okuwçylar tohum itlere bagyşlap çeken suratlaryny we tebigy materiallardan taýýarlan işlerini hödürlediler. Eminler tarapyndan bäsleşige hödürlenilen işlerde şekilleriň janlandyrylyşyna, reňkleriň ýerbe-ýer ulanylyşyna aýratyn üns berildi. Netijede etrapdaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Nargiza Jemşidowanyň we Arslan Arturowyň çeken suratlary baş baýraga mynasyp boldy.

Baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: