SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen türgeni Belarusyň çempionatynda ýeňiji boldy

«Turkmenportalyň» habar bermegine görä, Minskiniň MMA Akademiýasyndaky türkmen türgeni Abdylla Taýhanow 70 kilogram agram derejesinde Belarusyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Final duşuşykda ol Belarusly garşydaşyny birinji raunda tehniki nokauta iberip, ýeňiş gazandy.
Belarusyň MMA boýunça çempionaty — başa-baş söweşiň garyşyk görnüşi boýunça şu möwsümiň baş turniri hasaplanylýar. Ýaryşlara Belarusyň «Feniks», «Akwarium» (ikisi hem Minsk), «Gladiator» (Gomel), «Kerberus» (Molodeçno), «Patriot» (Polosk), «KUDO» (Kobrin) ýaly klublaryň we MMA-nyň Akademiýasynyň pälwanlary, şonuň ýaly-da, Russiýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan türgenler gatnaşýarlar.
Abdylla TAýhanow öň karate bilen meşgullanýardy we Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde birnäçe gezek haklara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeledi.
Geçen aýda Taýhanow pankration boýunça Belarusyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply