JEMGYÝET

Lebap welaýatynda etrap, şäher saýlaw toparlary täzeden döredildi

2016-njy ýylda döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandygy sebäpli etrap, şäher saýlaw toparlary täzeden döredildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Bu işler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda tassyklanylan meýilnama esasynda we bellenilen möhletde welaýat saýlaw topary tarapyndan guramaçylykly amala aşyryldy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda guramaçylykly geçirildi. Etrap, şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, olarda toparlaryň başlyklaryny, başlyklaryň orunbasarlaryny we kätiplerini saýladylar. Welaýat saýlaw topary bolsa öz mejlisinde etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümini tassyklady we olaryň agzalaryna şahsyýetnamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýlelikde, welaýat boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň 11-siniň agzalarynyň sany 123-e deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: