Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenabat şäheriniň täze awtomobil menziliniň gurluşygynda işleriň bir bölegi tamamlanyp barýar

May 4, 2021

Türkmenabat şäheriniň täze awtomobil menziliniň gurluşygynda beton bloklaryny gurnamak işleri tamamlanyp barýar. Häzire onuň 80 göterimi ýerine ýetirildi.
Täze menziliň ätiýaçlyk ammarynda, suw ýyladyjy desgasynda, transformatorynda we awtoýuwalgasynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu günler gurluşykçylar menziliň esasy binasynyň beton binýadyndaky işleri hem tamamlap barýarlar.
Awtomobil gurluşygyny «Muhammet—Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bararlar. Bu ýerden Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçesine awtobus gatnawlary amala aşyrylar.

 

Leave a Reply