JEMGYÝET

Frankfurtdan Türkmenistana gelýän uçarlar Türkmenabat halkara howa menziline gonar

 Türkmenabat şäheriniň halkara howa menzili ýene bir ýolagçy gatnawynyň esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Iki ýyl çemesi arakesmeden soň Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda gaýtadan dikeldilen howa gatnawlary boýunça amala aşyrýan uçarlar gonuşy Türkmenabadyň halkara howa menzilinde amala aşyryp başlandy.

«Aşgabat ― Frankfurt ― Türkmenabat» ugry boýunça ilkinji uçuş geçen hepdäniň ahyrynda amala aşyryldy. Frankfurt şäheriniň howa menziliniň onlýan rejenamasynyň görkezmegine görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing 777-200 LR» kysymly uçary T5 464 gatnaw belgisi boýunça ýerli wagt bilen 17:10-da Türkmenabat şäherine tarap ýola düşdi. Bäş ýarym sagatlyk uçuşy amala aşyra uçar ýekşenbe güni gije 00:20-de Türkmenabadyň halkara howa menziline gelip gondy.

Bu halkara howa gatnawy mundan beýläk her hepdede iki gezek amala aşyrylar.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: