JEMGYÝETYLYM WE TEHNIKA

Welaýat çaglar kitaphanasynda elektron neşirleriň gory döredilýär

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda Türkmenistanda neşir edilýän gündelik we döwürleýin neşirleriň elektron goruny döredip başladylar.
Ýurtda kagyz görnüşinde çap edilýän gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşleri Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat.gov.tm resmi saýtynda goýulýar. Bu okyjylara islendik wagt we islendik ýerde elýeter bolmagyny üpjün edýär. Kitaphananyň işgärleri olaryň goruny döretmek bilen, ýüz tutup gelen okyjylara berýärler. Isleg bildirene elektron göterijisine hem ýükläp berýärler.
Geljekde okyjylar bu hyzmatdan öýlerinde oturan ýerlerinden hem peýdalanyp bilerler. Kitaphananyň işgerleri neşirleri okyjylaryň elektron poçtasyna ibermek hyzmatyny hem ýola goýmagy meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply