TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Düýeboýun suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkider

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisiniň barşynda türkmen Lideriniň garamagyna Düýeboýun suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkitmegiň taslamasy hödürlenildi. Munuň ýurduň suw üpjünçiligini gowulandyrjakdygy nygtaldy, diýip, «Türkmenistan bu gün» habarlar agentligine salgylanmak bilen, «centralasia.news» habar berýär.
Döwlet baştutany taslama bilen tanyşdy we ony makullady.
Suw howdanlary ulgamynyň esasy maksady Türkmenistanyň we Özbegistanyň welaýatlaryny suwaryş we içimlik suwy bilen üpjün etmek bolup durýar. Esasy bentde umumy kuwwaty 150 MWt bolan gidroagregatlaryň 6-sy oturdylan.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply