JEMGYÝET

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym — 2022» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň saýlama tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylar gatnaşdylar.

Aýdymçylar öz repertuarlaryna häzirki zaman kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda türkmen saz sungatynda klassyky eserlere öwrülen türkmen kompozitorlarynyň aýdymlaryny, şonuň ýaly-da halk aýdymlaryny girizipdirler.

Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň ýaşaýjysy Bäşim Annaýew we Çarjew etrabynyň ýaşaýjysy Izzet Altyýew dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olar bäsleşigiň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýrymynyň öň ýanynda Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: