Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde usuly maslahat geçirildi
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde milli tans, folklor we bagşyçylyk sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek we oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi.
Oňa Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Usuly maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde milli medeniýeti ösdürmekde ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler, sözleýiş medeniýetini dürs berjaý etmegiň kadalary, sahna režissurasynyň talaplary we öňde baryjy tejribeler, usuly gollanmalary taýýarlamagyň häzirki zaman talaplary, medeni çäreleriň, sahna oýunlarynyň edebi ýazgysyny taýýarlamagyň ussatlyk tejribeleri ýaly meselelere seredildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde geçirilen medeni çäreler baradaky habarlary, medeni mirasymyzy wasp edýän makalalary taýýarlamagyň usulyýeti barada düşünjeler berildi.
Şonuň ýaly-da, ýaşuly nesliň wekillerinden milli mirasymyz baradaky maglumatlary toplamakda we ony resmileşdirmekde döwrebap usullar, milli aýdym-saz sungatynyň ýollary, olary dikeltmekdäki we ýerine ýetirmekdäki aýratynlyklar barada hem gürrüň edildi. Medeniýet edaralarynda resminamalary arhiwleşdirmegiň tejribeleri, tans gurnaklarynda topar ýolbaşçynyň esasy wezipeleri, öňde goýulýan maksatlar we iş usullary, milli lybaslaryň gadymy görnüşleri hem-de olaryň folklor, tans toparlarynyň çykyşlarynda ýerlikli ulanmagyň usulyýeti barada hem giňişleýin durlup geçildi.
Çykyşlar gidip duran wagty degişli wideoşekiller görkezildi.