MEDENIÝET

Lebapda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda täze film surata düşürildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary «Medeniýet hepdeligi: Türkmenabat ― 2021» atly täze filmi surat düşürdi.

Dokumental hem-de çeper filmleriň elementlerini içine alýan kino şu hepdäniň duşenbe güni «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynda görkezildi. Onda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleriniň Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyşy barada gürrüň berilýär.Režissýor Arslan Eýeberdiýewiň surata düşren filminde häzirki zaman kino sungatynyň ýaş wekilleri bilen birlikde halypalar hem çykyş etdiler. 22—27-nji iýun aralygynda olar hepdeligiň çägindäki iri dabaralaryň ählisine gatnaşýarlar. Türkmenabat şäherinde, Farap etrabynda we welaýatymyzyň käbir beýleki ýerlerinde surata düşürilen filmde ýerli ýaşaýjylaryň hem birnäçesine keşpler ynanylypdyr.Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary oňa ilkinji gezek gatnaşdylar. Film hepdelige gatnaşmak hormatyna jogap hökmünde bary-ýogy bir hepde-de surata düşürildi. Ol dünýä kinematografiýasynyň taryhynda hem iň gysga wagtda düşürilen filmleriň biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: