Lebabyň wekilleri paýtagtda we Arkadag şäherinde saparda bolýarlar
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary şu gün Aşgabat we Arkadag şäherinde saparda bolýarlar. Bu sapar paýtagtdaky iri muzeýlere hem-de Arkadag şäherine gezelenç guramak maksady bilen geçirilýär.
Saparyň dowamynda welaýat birleşmesiniň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň 17-si Aşgabadyň dürli muzeýlerinde boldular. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem bar. Bu ýerde Lebap welaýatynyň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäni, alany hem-de alaja dokalýan guraly synladylar.
Arkadag şäherine guralan gezelen hem gyzykly boldy. Welaýatyň wekilelri täze şäherdäki binalaryň birnäçesine baryp gördüler.