Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde täze çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy

Jun 26, 2021

Medeniýet hepdeliginiň çäginde Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Durmuş kyssalary» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen bu filmde üç dostuň bilelikde durmuşyň ähli kynçylyklaryny başdan geçişleri suratlandyrylýar. Filmiň režissýory — Arslan Eýeberdiýew. Dostlaryň batyrlygyny, gaýduwsyzlygyny, agzybirligini, jebisligini, wepalylygyny çeper keşpleriň üsti bilen açyp görkezýän bu filmde esasy gahrymanlaryň rollaryny ýaş artistler Ahmet Amandurdyýew, Annadurdy Täçliýew, Hangeldi Çaryýew, Dünýä Myradowa, Bilbil Muhammedowa, Aýjeren Muhammedowa dagylar ýerine ýetirdiler.
Görkezilişden soň artistleriň tomaşaçylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Agşam Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähindäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.