MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Saz rowaýaty» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.
Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşýan myhmanlar we Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary onuň ilkinji tomaşaçylary boldular. Sahna eserinde zenanyň bagşyçylyk ýoluny saýlap alyşy, oňa ýetmek üçin kynçylyklary başdan geçirişi barada gürrüň berilýär. Oýny režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy. Baş roly Jemal Saparowa ýerine ýetirýär. Oýunda rollary Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suwhanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Döwlet Hojanazarow, Şöhrat Illiýew we beýlekiler ýerine ýetirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: